Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mekdep resmileriniň bilim edaralaryndaky 'dilleşikli egin-eşik söwdasy' ene-atalary oýlandyrýar


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Täze okuw ýylynyň başlamagyna bir hepde galanda Ahal welaýatynyň käbir bilim ojaklarynda 'mekdep resmileriniň meýilleşdirýän egin-eşik söwdasy' ene-atalarda alada döredýär.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri birnäçe mekdepde edara ýolbaşçylarynyň ýerli telekeçiler bilen dilleşip, täze okuw ýylynda okuwçylara sport egin-eşiklerini öz bahasyndan 3-4 esse gymmada satmagy meýilleşdirýändiklerini, şeýle planlardan habarly käbir ene-atalaryň bolsa, bu ýagdaýa alada bildirýändiklerini habar berýär.

“Häzir okuwçylara niýetläp, telekeçilerden bahasy 30-40 manat bolan sport egin-eşiklerini satyn almaly we olary çagalara her birini 120 manatdan satmaly” diýip, çeşmeler bir mekdep müdiriniň aýdan sözlerini getirýär.

Başga-da birnäçe mekdepde görülýän birmeňzeş taýýarlyk işlerinden habarly çeşmeler käbir mekdep müdirleriniň hatda mugallymlar bilen geçirilýän ýygnaklarda hem şeýle planlar barada aç-açan gürrüň gozgaýandyklaryny aýdýarlar.

"Dilleşikli söwda"

“Satylan her bir sport eşiginiň girdejisiniň ujundan synp ýolbaşçylaryna-da 5 manat pul beriljekdir” diýip, çeşmeler mekdep müdirlerini sitirleýärler we olaryň öz söwdalaryna klas ýolbaşçylaryny hem çekmäge çalyşýandyklaryny aýdýarlar.

Plana görä, her bir synpa aýratyn reňkde sport egin-eşigini paýlamak göz öňünde tutulýar.

Günorta sebitde Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan käbir bedenterbiýe mugallymlary sport egin-eşiklerini satyn almak boýunça mekdeplerde görülýän taýýarlyk işlerini tassyklap, özleriniň bu söwda goşulmaýandyklaryny aýdýarlar.

Ýöne olar özleriniň hem şeýle söwdalara dahylly bolmak isleýändiklerini gürrüň berýärler.

Bu söwdada, görnüşinden, diňe ene-atalar we okuwçylar utulýar.

“Üpjünçiligi pes käbir hojalyklarda ruçka-depder satyn almaga pul ýok” diýip, çeşmeler aýdýar.

“Olar döwlet kömek pullarynyň, pensiýalaryň we şular ýaly ýeňillikleriň hasabyna güzeran aýlaýarlar. Olaryň iýjegi we geýjegi gaýgy” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Ýerli çeşmeler telekeçileriň günorta sebitdäki mekdeplere aýlanyp, sport egin-eşiklerini hödürleýändiklerini habar berýärler.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça Ahal welaýat Bilim müdirliginden resmi teswir alyp bilmeýär. Bu ugurda Türkmenistanyň Bilim ministrliginden telefon arkaly goşmaça maglumat almak synanyşygymyz hem netije bermeýär.

Türkmenistanda mekdepleriň abatlaýyş işlerine niýetläp hem okuwçylardan pul ýygnalýar.

Şeýle-de, ýurduň ähli býujet edaralarynda, şol sanda bilim ojaklarynda dürli maksatlar göz öňünde tutulyp, dilden görkezme esasynda işgärlerden pul ýygnalyp durulýar.

Öňki tejribeler

Ýatlasak, ýaňy-ýakynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabat şäherinde mugallylmardan pagta ýygym möwsümine niýetläp, 20 manat möçberinde pul serişdeleriniň dilden görkezme esasynda ýygnalyp alynýandygyny habar berdi. Şonda mekdepleriň hojalyk işgärleriniň her biri hem şeýle talaplar esasynda 10 manat töleg geçirmeli edilipdiler.

Azatlyk Radiosynyň beýleki bilim ojaklaryndaky ýagdaýlardan habarly çeşmeleri şu günler ýokary okuw jaýlarynda hem okuw lybaslaryna niýetlenip, talyplardan pul ýygnamak işleriniň meýilleşdirilýändigini aýdýarlar.

“Şu ýyl ýokary okuw jaýlaryna kabul edilen gyzlardan köýneklik matalar üçin 800 manatdan pul ýygnalýar” diýip, bilim pudagyndaky çeşmämiz aýdýar.

“Olar uniwersitetlerde geýjek sport egin-eşikleri üçin hem 400 manat möçberinde öňünden töleg geçirýärler” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki umumy bilim berýän orta mekdeplerinde okuwçylardan uniformalar geýmeklik talap edilýär. Ýokary okuw jaýlarynyň talyplary hem birmeňzeş egin-eşikleri geýmäge mejbur bolýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG