Köneürgenç şäheriniň golaýynda gurlan täze şäherçäniň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, Daşoguzdaky bu uly desganyň açylmagy Garaşsyzlyk baýramyna gabatlanýar.
"Täze şäherçäniň we Han-ýap kanalynyň üstünden kesip geçýän uly köpriniň açylmagyna garaşsyzlyk gününe gabat garaşylýar" diýip, daşoguzly çeşme 21-nji awgustda habar berdi.
Azatlygyň habarçysynyň maglumatyna görä, ulanylyşa bermek üçin taýýar edilýän desgalaryň arasynda 600-e golaý howluly jaýlar, mellekli kottejler, mekdepler, çagalar baglary, sport desgalary we sütünleriniň beýikligi 200 metrlik köpri bar we olar täze bir şäherçäni emele getirýär.
"Jaýlar, desgalar we tekiz köçeler. Hamana Daşoguz welaýatynda täze bir şäher gurlan ýaly" diýip, habarçy belleýär.
Daşoguzly çeşmeler ýerli häkimiýetleriň täze desgalaryň açylyşyna görýän taýýarlyklarynyň depgini döwlet baştutanlarynyň gatnaşmagynyň ähtimallygy barada pikir döredýär diýip, bellediler.
"Berdimuhamedowlar maşgalasyndan biri gelip, açmagy mümkin. Şäherçäniň töweregini arassalamak işlerine býujet işgärleri çekilýär. Şeýle-de, olar Daşoguz-Köneürgenç ýolunuň ugrundaky haşal otlary arassalamak işlerine çekilýär" diýip çeşme belleýär.
Adam heläkçiligi
Çeşmeler bu işleriň geçirilýän wagty heläkçilikli ýagdaýyň ýüze çykandygyny gürrüň berdiler.
"10-njy awgustda Ruhybelent etrabyndan bolan mugallym bu sebite şäherçäniň töweregini arassalamak işine çekilen beýleki mugallymlar bilen mejbury iş güýji hökmünde gelip, işläp ýördi. Pajygaly ýagdaýda ony ulag kakyp, ol wakanyň bolan ýerinde jan berdi" diýip, ýagdaýa şaýat bolan çeşme gürrüň berdi.
Habarçylara elýeterli bolan maglumatlara görä, mugallymlar Daşoguz-Köneürgenç ýolunuň ugrundaky ýerleri haşal otlardan arassalamak işlerine çekilipdir. Hadysa täze şäherçäniň takmynan 1 kilometr golaýynda bolupdyr. Ýokary tizlikde gelýän ýeňil ulag mugallymy 50 metre çenli süýräp, alyp gidipdir.
"Ýoluň ýüzi gyzyl gandan doldy" diýip, çeşmeleriň biri görenlerini gürrüň berýär.
Çeşmeleriň sözlerine görä, bu pajygaly ýagdaý şu aýda sebitden bolan ikinji hadysa. Ýollary arassalap ýören býujetçileriň ýene biri Görogly etrabynyň ýaşaýjysy awgustyň başynda awtoulag kakmagy zerarly wepat bolupdyr.
Azatlyk Radiosy Köneürgenç etrabynyň we Daşoguz welaýatynyň häkimliklerinden resmi teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanda döwlet edaralarynyň işgärleri ýyllarboýy dürli işlere, şol sanda abadanlaşdyryş hem-de arassaçylyk ilerine mejbury çekilýär. Wezipe borçlaryndan boş wagty, şol sanda dynç günlerinde mugt iş güýji hökmünde işledilýän adamlar esasy zerurlyklar we hatda howpsuzlyk şertleri bilen hem üpjün edilmeýär.
Azatlygyň habarçylary şeýle mejburlygyň arasynda adam pidaly hadysalar barada öň hem habar beripdi. "Tok urup, ölýänler hem boldy" diýip, habarçymyz belleýär.
Uzaga çeken gurluşyk
Köneürgençdäki täze şäherçede binalaryň we köprüleriň gurluşygy gaty uzaga çekdi diýip, ýerli çeşmeleriň bellemegine görä, olaryň düýbüniň tutulmagyna 15 ýyla golaý wagt geçipdir. "Ýöne bu obýektleriň hili ýokary. Gowy gurlupdyr" diýip, ýerli gurluşykçy aýdýar.
Azatlygyň habarçylary Daşoguz welaýatynda gurlup başlan ençeme desganyň, şol sanda ýaşaýyş toplumlaryň we köprüleriň gurluşygynyň togtap galandygy barada 2018-nji ýylda habar beripdi. Şeýle-de, bu gurluşyklar üçin maliýe serişdeleriň ilatdan mejbury ýagdaýda tutum görnüşinde alynýandygy aýdylypdy. Şol ýylyň ilýul aýynda Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda jemi bahasy 40 milliard 500 million amerikan dollaryna golaý 1600 töweregi desganyň gurulýandygyny yglan edipdi.
Türkmenistanda gurluşyklara sarp edilýän serişdeleriň möçberi soňky ýyllarda yglan edilmeýär. Emma döwlet býujetiniň uly böleginiň sosial pudaga sarp edilýändigini yglan edýän hökümet gurluşyklary hem sosiala çykdajylaryň arasynda agzaýar.
Şu ýylyň aprel aýynda türkmen metbugatynda Köneurgençde täze söwda merkeziniň we bazaryň guruljakdygy habar berildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum